RUHUBELENTLIGE BESLENEN DABARA

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaslar ýyly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda uly üstünliklere eýe boldy. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gözel paýtagtymyzda hem Täze ýyl baýramçylygyna uly taýýarlyk görülýär. Her ýylky asylly däbe görä, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň önüňde, «Türkmeniň ak öýi» binalaryndaky we Arkadag şäheriniň baýramçylyk meýdançalaryndaky Bas arçalary yşyklandyrmak dabaralary ähli halkymyzy guwandyrdy. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynyň toý dabaralar zalynda talyplaryň we zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda datly desterhanyň başynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşýan ýaşlara täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa Täze ýyl baýramçylygynyň şowhunyny has-da artdyrdy. Täze ýyl baýramçylygy ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, ýagşy umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Goý, ýetip gelýän 2024-nji ýyl hem Watanymyza, halkymyza rysgal getirsin, parahatçylygyň, agzybirligiň ýyly bolsun!

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

 

«Aşgabat» gazeti,

21.12.2023 ý.

Öňki makala

ASUDALYK MEKANY

Meňzeş habarlar