Ýakynda Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar gurmasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplygyň mekany bolan ýurdumyzyň halkara giňişliginde eýeleýän möhüm orny, ählumumy parahatçylyk ugrunda öňe sürýän möhüm başlangyçlary dogrusynda täsirli çykyşlar edildi.
Şeýle-de, okuwçylaryň ýerine ýetirmeginde Diýarymyzy wasp edýän daşary ýurt hem-de türkmen dillerindäki aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Röwşen MODYÝEW,
TMÝG-niň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň
Guramaçlyk bölüminiň esasy hünärmeni.