ÝIGITLER BÄSLEŞDILER

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz welaýat maliýe – ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde, talyp oglanlaryň arasynda “Gerçek ýigit” atly şygar bilen döredijilik bäsleşigini geçirdi. “Ýigide müň dürli hünär hem azdyr” diýen ata-babalarymyzyň çuňňur manyly pähim-parasatlaryndan ugur alyp, şol bir wagtda oglanlaryň döredijiligini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşik dört şertden: salamlaşyk (hünäriňi wasp etmek), taryhy şahslaryň keşbini janlandyrmak, ukyp-başarnyk (her dürli hereketler, bir zat ýasamak we ş.m.), sahna (talyp durmuşyndan) şertlerinden ybarat boldy. Baýrakly orunlara mynasyp bolan hem-de işjeň gatnaşan talyp oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Meňzeş habarlar