«MILLI MIRAS – TERBIÝÄNIŇ ÖZENI»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň guramagynda “Milli miras – terbiýäniň özeni” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirildi. 93-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda geçirilen bu çärä etrabyň orta mekdepleriniň Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar. Çäre “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” ýaşlaryň arasynda durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklarynyň çykyşlary diňlenildi.

Meňzeş habarlar