“Kitaphana – hazynalar ojagy, dürler ummany”

Gubadag etrap merkezi kitaphanasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi okuwçy ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana – hazynalar ojagy, dürler ummany” atly söhbetdeşlik çäresini geçirdi. Duşuşykda çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde hormatly Prezidentimiziň görkezýän göreldeleriniň aýratyn bellenilmäge mynasypdygy, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden kitaplarynyň ählisiniň terbiýeçilik ähmiýetli bolup, olaryň ýaşlaryň gündelik durmuşynda ulanýan Gollanmalaryna öwrülendigi, hormatly Arkadagymyzyň: “Ömrüň manysy – Watanyň rowaçlygynda” diýip belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň rowaçly ýollara beslenip, täze ýeňişleri gazanmagynda her bir ýaş nesliň goşandynyň bolmalydygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de, geçmişden gelýän edermenlik ýörelgesiniň türkmeniň aňyna, kalbyna berk ornandygy, Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan watançylyk ýörelgeleri barada rowaýatlardyr aýtgylaryň Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda giň öwüşgin tapýandygy babatda hem nygtalyp geçildi.

Meňzeş habarlar