“Ýaşlar Watanyň daýanjy, güýji-kuwwaty”

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 29-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda “Ýaşlar Watanyň daýanjy, güýji-kuwwaty” atly terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de bilim ulgamynyň wekilleri çykyş etdiler. Bu çäre “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Meňzeş habarlar