“Nesil terbiýesi – üns merkezinde”

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda, hassahananyň Ilkinji Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda “Nesil terbiýesi – üns merkezinde” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň wekilleri çykyş edip, “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyna” laýyklykda, durmuşa geçirilýän giň gerimli işler dogrusynda, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgeleri babatda giňişleýin gürrüň berdiler.

Meňzeş habarlar