TÄSIRLI DUŞUŞYKLAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň bilim bölüminiň bilelikde guramaklarynda “Milletiň geljegi – döwletiň güýji” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Arkadagly Serdarymyzyň 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat, şäher, etrap Geňeşleri tarapyndan ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda geçirilen wagyz-nesihat ýygnagyna TMÝG-niň etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň jogapkär işgärleri, etrabyň çägindäki orta mekdeplerde we çagalar baglarynda hereket edýän Ilkinji Ýaşlar guramalarynyň başlyklary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat ýygnagynda çykyş edenler ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň arasyndan dürli ugurlar boýunça täze zehinleri ýüze çykarmak, ýaşlara edilýän goldawlar, döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak, ýaşlary medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşmaklyga çekmek barada giňişleýin söz sözlediler. Çärä gatnaşyjylar, türkmen ýaşlarynyň okamaklary, öwrenmekleri, hünär almaklary üçin ýadawsyz aladalar edýän hormatly Prezidentimize ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Meňzeş habarlar