Bu gün

“Dogdy asmanyň zöhresi,

Çyn aşyga döwran bu gün.”

Magtymguly Pyragy.

 

Alnymyzdan ak gün dogdy,

Ajap çagly döwran bu gün.

Türkmen beýik döwlet gurdy

Älem ýüzi haýran bu gün.

 

At-abraýy arşa ýeten,

Binýadyny berkden tutan,

Garaşsyz, Bitarap Watan,

Ösüş ýoluň rowan bu gün.

 

Garaşsyzlyk guwanjymyz,

Bitaraplyk buýsanjymyz,

Baýlygmyz, altyn täjimiz,

Watan – Türkmenistan bu gün.

 

Jeýhun-Hazar arasynda,

Gadym türkmen ýaýlasynda,

Gurlan Ak öý binasynda,

Dolup-daşýar myhman bu gün.

 

Gül diýara nazar aýlan,

Pederleriň ýolun saýlan,

Öz halkyna bagt paýlan,

Arkadagly Serdar bu gün.

Kemal SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar