HARBY GULLUKÇYLAR BILEN GEÇIRILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi harby bölümde ýaş nesilleri watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, beýik şahsyýetlerimiziň taryhy ýollaryny açyp görkezýän “Mertler Watany beýgeldýär” atly şygar astynda serkerdeleriň hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresini geçirdi.

Esger adyny buýsanç bilen göterýän her bir Watan goragçysy guwanmaga haklydyr. Çünki, ol Watanyň goragçysydyr. Watany goramak, iýen halal duzuňy ödemekdir. Mukaddes Watanyňy goramak ene süýdini haklamakdyr, ata sarpasyny saklamakdyr. Harby gullukçylara hormatly Prezidentimiz uly ynam bildirýär. Aslynda, watançylyk duýgusy bize pederlerimizden miras galan milli ruhumyzyň özeni bolup durýar diýip, çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler.

Öňki makala

Bu gün

Meňzeş habarlar