ARASSA TEBIGAT – SAGDYN NESIL

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşi etrabyň 11-nji çagalar bagynyň terbiýeçileriniň gatnaşmagynda “Arassa tebigat – sagdyn nesil” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çäre ýaşlaryň sagdyn bedenli, arassa ahlakly, watansöýüji, kämil hünärli bolmaklaryny, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, daşky gurşawa aýawly garamaklaryny, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri wagyz etmek maksady bilen geçirildi.

Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça geçirilýän giň gerimli çäreler ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir. Türkmeniň kalby ýaly giň tebigaty, hakykatdan-da, jadylaýjy, ruhuňy galkyndyryjy güýje eýedir. Sähralaryň täsin gözelligi, onuň goýnunda ösüp ýetişýän ösümlikler halkymyzyň bereket bolçulygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Watanymyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklarynyň döredilmegi, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň seýilgähleriniň çäkleriniň giňeldilmegi adam üçin oňaýly howanyň emele gelmegini üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek baradaky Maksatnama – munuň özi, bütin adamzady tolgundyrýan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek ugrunda umumydünýä işine saldamly goşantdyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek, şunuň bilen baglylykda, saglygy goraýyş ulgamynda dürli keselleri öz wagtynda anyklamak we bejermek işleri güýçlendirilýär, sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmek üçin zerur şertler döredilýär.

Meňzeş habarlar