ALABAÝ – BIZIŇ MILLI BUÝSANJYMYZ

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebi bilen bilelikde, şol mekdepde bilim alýan okuwçylaryň arasynda “Alabaý – biziň milli buýsanjymyz” atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini geçirdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gazanylýan ösüşleri, üstünlikleri hem-de ýaş nesle edilýän atalyk aladalaryň netijesinde ýetilen belent sepgitleri bilen abraý mertebesiniň dünýä dolýan ýurdunda şekillendiriş sungatynyň üsti bilen hünär derejesini ýokarlandyrmaga höwes döretmek, türkmen halkynyň buýsanjy bolan türkmen alabaýyny wasp etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde okuwçylar nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, halyçylyk, däneden we beýleki çeperçilik sungatynyň ähli ugurlary boýunça gatnaşdyrylan eserlerde milli buýsanjymyz bolan alabaýyň keşbini, halkymyzyň ruhy dünýäsi, medeni-mirasy we häzirki döwürde ýeten sepgitlerini çeper beýan etmek şertleri boýunça bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşan okuwçylara Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar