SPORT – SAGDYN DURMUŞA BADALGA

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi etrabyň 1-nji sport mekdebinde, ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen,  «Sport – sagdyn durmuşa badalga» şygary bilen etrabyň sport mekdebine gatnaýan ýaşlaryň we tälimçileriň arasynda köpçülikleýin sport-sagaldyş çäresini geçirdi. Çärä gatnaşyjylar basketbol oýnuny oýnadylar, maşk etdiler. Çäre, oňa gatnaşanlarda ýakymly täsirler galdyrdy.

Meňzeş habarlar