FUTZAL BOÝUNÇA DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ GÖÇME KUBOGYNY ALMAK UGRUNDA ÝARYŞ GEÇIRILDI

Dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde giňden tanalýan eziz Diýarymyzyň demirgazyk welaýatynda hem sport çäreleri giňden ýaýbaňlanýar. Ýaňy-ýakynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanda 2021 – 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmak, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasy bilen bilelikde guramagynda, sportuň futzal görnüşi boýunça Daşoguz welaýatyndaky bank edaralarynyň arasynda Daşoguz welaýatynyň göçme Kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.

Ýaryşa welaýatyň bank edaralarynyň hersinden bir ýygyndy topar gatnaşdy. Ýygyndy toparlar özara bije çekişmek arkaly, iki topara: “A” we “B” toparçalara bölündiler. Biri-birinden güýçli, çalasyn, ezber bank pudagynyň ýaş wekilleri toparlaýyn görnüşde, Daşoguz şäherindäki “Garaşsyzlyk” sport desgasynda bäsleşdiler.

3 – 4-nji ýerler üçin “Türkmenistan” DTB-niň welaýat şahamçasynyň hem-de “Senagat” PTB-niň şäher şahamçasynyň ýygyndy toparlary bäsleşip, oýun 1 – 6 hasabynda tamamlandy. 1-nji orun – Baş baýrak ugrunda bolsa, TMB-nyň welaýat şahamçasynyň hem-de “Halkbank” PTB-nyň welaýat şahamçasynyň ýygyndy toparlary özara bäsleşip, bu dartgynly geçen oýun 11 – 5 hasabynda tamamlandy.

Netije-de, çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy topary 1-nji orna – Baş baýraga (göçme Kuboga), “Halkbank” PTB-niň Daşoguz welaýat şahamçasynyň ýygyndy topary 2-nji orna, “Senagat” PTB-niň Daşoguz şäher şahamçasynyň ýygyndy topary 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýaryşa gatnaşan ýaşlar, ýaş nesilleriň ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Nurýagdy GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar