GYZYKLY GEÇEN GEZELENÇ ÇÄRESI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen bilelikde guramagynda, Daşoguz serhet birikmesiniň harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda “Şöhratly taryhymyza syýahat” atly şygar astynda gezelenç çäresi geçirildi. Bu çäre Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda halkymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklaryny, ata-babalarymyzyň bize goýan ylmy-edebi miraslaryny ýaşlara düýpli düşündirmek hem-de geçmişde yz goýan taryhy şahsyýetlerimize, şöhratly taryhymyza, däp-dessurlarymyza, milli mirasymyza bolan söýgülerini artdyrmak, taryhy we medeni mirasymyza bolan garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi. Gezelençde muzeýiň işgärleri harby gullukçylara muzeýde bar bolan taryhy ýadygärlikler, milli gymmatlyklar barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Türkmen halky asyrlar boýy özüniň geçmiş taryhyna uly sarpa goýup gelipdir. Geçmiş taryhyna guwanyp, buýsanyp ýaşapdyr. Geçmiş taryh diýlende, ilki bilen her bir halkyň medeniýetine, sungatyna, senedine, geçen taryhy menzillerine, halkyň görkezen gahrymançylygyna, gazanan ýeňişlerine seredilipdir we şoňa görä-de taryhdaky orny kesgitlenipdir. Türkmen halky hem taryhda özüniň mynasyp ornuny tapyp bilen halkdyr. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky özüniň geçmiş taryhyny beýgeldip, geljegiň binýadyny şoňa görä berkden tutupdyr, ondan nusga alypdyr. Bu däpler biziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem mynasyp dowam etdirilýär.

Meňzeş habarlar