ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ ETRAP TAPGYRY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşi ýakynda etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli yglan edilen “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşiginiň etrap tapgyryny geçirdi. 56-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda geçirilen bäsleşikde çykyş eden oglanlar özleriniň ýiti zehin-başarnyklaryny görkezdiler, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünlikleri, bagtyýar çagalygy wasp etdiler. Eminleriň gelen netijesine laýyklykda, 1-nji orna etrabyň 45-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Kasym Babaýew, 2-nji orna etrabyň 37-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Didar Jumageldiýew eýe bolup, olar Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar