ZEHINLILERIŇ ŞADYÝAN BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, golaýda etrap medeniýet merkezinde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda “Merdana nesil-2022” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Bäsleşik kiçi ýaşly oglanlaryň merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine, gahrymançylykly synmaz ruhuna we kämil nusgalyk häsiýetlerine uýmak, ýaşlaryň arasynda tertip-düzgüni, dost-doganlygy berkitmek, ula-kiçä sylag-hormaty terbiýelemek, kesp-kär, hünär öwrenmeklige höwes döretmek we olary watansöýüjülik ruhunda terbiýelemek maksady bilen geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjylar goşgy aýtmak, şorta sözleri we ýurdumyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirmek arkaly bäsleşdiler. Bäsleşige emin agzalary has saýlanyp öňe çykan ýiti zehinlileri saýladylar.

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar