BAGTYÝAR DURMUŞYŇ GÖZBAŞY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde, ýakynda Daşoguz welaýat kitaphanasynda “Ekologiýa syýasaty we daşky gurşawyň abadançylygy – bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr” atly dabaraly maslahat geçirdi. Ýaşlaryň daşky gurşawa, tebigatymyza, ekologiýa medeniýetine bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen dabaraly maslahata welaýatyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar, ýaşuly nesliň hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy Saparmyrat Babajanow, “Gaplaňgyr” döwlet tebigy goraghanasynyň II derejeli döwlet inspektory Hudaýnazar Saryýew, Daşoguz welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Leýla Rejepowa hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Jennet Saparowa dagylar çykyş etdiler.

Çykyşlarda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli dabaralanýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak syýasaty, bu babatda alnyp barylýan giň gerimli işler, geljekde öňde goýlan maksatlar, kesgitlenen wezipeler dogrusynda giňişleýin buýsançly gürrüňler edildi. Dabaraly maslahat özüniň täsirliligi hem-de ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Maslahata gatnaşyjylar halkymyzy eşretli, bolelin, parahat, abadan zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Şemşat SÄHETGULYÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar