GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň 3-5-nji synp okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşigiň Görogly etrap tapgyry etrabyň Medeniýet öýünde uly ruhubelentlikde geçirildi. Oňa orta mekdeplerden saýlanan höwesjeň, zehinli okuwçy oglanlaryň 10-sy gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Gezekli-gezegine sahna çykyp, bäsleşigiň şertleri esasynda çykyş eden merdana nesilleriň ýerine ýetirijilik başarnygy ol ýere ýygnananlarda uly täsirleri döretdi. Ýaş nesliň wekilleri türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek boýunça özara bäsleşdiler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçen bäsleşigiň emin agzalary çagalaryň sahna başarnygyny, ukybyny, sahnada özüni alyp baryşlaryny hem göz öňüne tutup, ýeňijileri kesgitlediler. Netijede etrapdaky 65-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Ýakup Altybaýew birinji, 17-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Hudaýberdi Hojaberdiýew ikinji, 50-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Rahym Seýranow üçünji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşan oglanlara TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Görogly etrap

Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar