Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap Geňeşi, “Maşgalam – baş galam” atly wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Bu çärede esasan hem ýaş maşgalalaryň jemgyýetdäki orny barada jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri giňişleýin gürrüň berdiler.
Ýurdumyzda ýaş maşgalalary durmuş-ykdysady we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmekde, olara maddy we beýleki meselelerde kömek, hemaýat-goldaw berilmegi, ýeňillikli karz pul serişdeleriniň, ýaş maşgalalaryň jaý gurmagy üçin mellek ýerleriniň berilmegi ýaşlar üçin edilýän aladalar barada täsirli gürrüňler edildi.