BÄSLEŞIKLERDE ZEHINLILER SAÝLANDY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, etrabyň 3 – 5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşigiň Gubadag etrap tapgyryny geçirdi. Bäsleşige gatnaşyjy okuwçy oglanlar bäsleşigiň şertleri boýunça ýekelikde şorta söz aýtmak, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk häsiýetlerini, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpany, ýürek buýsançlaryny çeper sözler bilen wasp etmek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Arkadagly Serdarymyzy, dost-doganlygy, bagtly çagalygy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirmek arkaly özara bäsleşdiler. “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşigiň guramaçylyk topary we emin agzalary bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisiniň çykyşlaryny diňläp, olara adalatly baha berdiler. Eminler toparynyň gelen netijelerine görä, şu aşakdaky okuwçy oglanlar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Etrabyň 38-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Metjikow Didarmuhammet 1-nji orna, 53-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Otuzow Oraz 2-nji orna mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine TMÝG-niň Gubadag etrap Geňeşiniň Hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Etrap tapgyrynda 1 – 2-nji orunlary eýelän oglanlar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Parahat SABYROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Gubadag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar