“MERDANA NESIL – 2022” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ AKDEPE ETRAP TAPGYRY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi zehinli ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, Akdepe etrabynyň 55-nji orta mekdebiniň mejlisler jaýynda etrabyň orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan, bäsleşigiň mekdep tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçy oglanlaryň gatnaşmaklarynda “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşigiň etrap tapgyryny geçirdi. Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşikde oglanlar üç şert, ýagny, türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgüni, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, degişme sahnasyny görkezmek, hormatly Prezidentimiz tarapyndan esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan belent tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmek boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň etrap tapgyrynda 1-nji orna 55-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Babaýew Aýmyrat, 2-nji orna 12-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Gurbanow  Rysgal dagylar mynasyp boldular we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşige gatnaşyp, üstünlikli çykyş eden we ýeňiji bolan merdana nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar