“MERDANA NESIL – 2022” ATLY ŞADYÝAN BÄSLEŞIGIŇ DAŞOGUZ ŞÄHER TAPGYRY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, şäheriň orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synp okuwçy oglanlarynyň arasynda “Merdana nesil – 2022” atly şadyýan bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyryny geçirdi. Arkadagly Serdarymyzyň “Siziň belent joşgunda ýerine ýetirýän aýdym-sazlaryňyz biziň halkymyzyň dünýä dolýan ykbalydyr, at-abraýy, mertebe-şanydyr, ýüreklere egsilmez şatlyk paýlaýan täsin sungatdyr” diýen sözlerinden ugur alyp, bu bäsleşik ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmaga, şeýle-de, milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny we bilimlerini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen geçirildi. Olar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalyk, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen üstünlikleri, ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Soňra okuwçy oglanlar ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler, şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp etdiler. Bäsleşik örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Netije-de, 25-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Meýlis Atamyradow 1-nji orna, 28-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Abdyjepbar Mämmetweliýew 2-nji orna mynasyp boldular. Ýeňiji bolan we işjeň gatnaşan ähli merdana nesillere TMÝG-niň Daşoguz şäher Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Çynar MÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar