TÜRKMEN MILLI OÝUNLARY

Türkmen halky öz çagalaryny irki döwürlerden başlap, durmuşa uýgunlaşdyrmak üçin halkyň terbiýeçilik tejribesine öwrülen türkmen milli oýunlaryny we beden maşklaryny ulanypdyrlar. Bu milli oýunlaryň asyrlarboýy dowam edip gelýän görnüşleri çagalar üçin güýmenje bolmak bilen çäklenmän, olary durmuşa taýýarlamak üçin uly ähmiýeti bolupdyr. Milli oýunlar gyzykly, göçgünli we özüneçekiji bolmak bilen, dürli ýagdaýlarda ugur tapmak, güýçli bolmak, çalasynlygy artdyrmak ýaly endikleri, tutanýerliligi, sazlaşykly hereket etmek başarnygyny kemala getirmäge niýetlenendir.

Entek agy-garany saýgarmaýan çaga ene-atasynyň ünsünden sähelçe gözden sypyndygy bezzatlyk etmäge başlaýar. Şonuň üçin, netijesiz zady ene-ata çagalardan mydama daşda saklamagyň, çagalary üçin bähbitli bolaýjak zatlary etmegiň aladasynda bolýar. Ilki bilen, peýdaly ugra ugrukdyrmagyň ilkinji ýollarynyň biri-de çaganyň aňyna milli oýunlary ornaşdyrmak bolup durýar.

Ene-mamalarymyzdan miras bolup gelýän milli oýunlarymyzyň, ýagny, “Durdy-durdy” diýen ýaly irki döwürlerden bäri ýoň bolan oýunlary çaganyň ýörjen-ýörjen bolup ýören wagtlarynda öwredip başlanylýar. Bu oýun  çagalaryň beden we aň-düşünjesiniň tiz ösmegine ýardam berýär. Çagalygy milli oýunsyz, milli oýunlary çagasyz göz öňüne getirmek mümkin däl.

Asyrlaryň dowamynda halk arasynda kämilleşip gelýän milli oýunlarymyz bagtyýar döwrümizde döwrebap görnüşde nesillerimize gelip ýetdi. Çagalary berdaşly ýetişdirmek üçin, gyzlary bolsa akylly – başly edip terbiýelemek üçin halkymyz öz kada-düzgünlerini şol oýunlara sünnäläp siňdiripdirler. Käbir oýunlarymyz bar welin, ol oýunlar diňe körpeler üçin däl, hat-da, ýaşuly juwanlar üçin-de gyzykly güýmenje bolmagynda galýar. Şu ýerde türkmen halkynyň gadymdan bäri öz gyzygyny gaçyrmadyk käbir milli oýunlaryny sanap geçmek isleýärin. Çünki, bu köpler üçin gyzykly bolsa gerek.

Aşyk oýny: ýurdumyzyň ähli ýerlerinde oglanjyklar tarapyndan oýnalýan “aşyk oýny” örän şüweleňli oýunlaryň biridir. Onuň üçin goýundyr geçiniň, esasan, yzky aýaklaryndaky aşyk süňkleri saýlanyp alynýar. “Aşyk oýnunda” ýaşy ulurak oglanlar tarapyndan iri şahly mallaryň aşyk süňki – topazy, has ýaşajyk oglanlar bolsa guzynyň aşyk süňküni – müji ulanylýar. Aşygyň dört tarapynyň hersiniň öz ady bardyr: aşaky giň tarapyna “alçy”, beýleki tarapyna “tagan”, gapdaldaky çökgüt tarapyna “çikge”, gapdalky ýokary galyp duran tarapyna “dükge” diýilýär.

Aşyk oýnamak üçin her oýunçy bir aşygyny bellenilen düz ýere setir edip goýýar. Soňra kimiň oýna başlamalydygy we dowam etmelidigi bije atmak arkaly çözülýär. Aşyklar belli bir aralykda, adatça, iki-üç metr daşlykda goýulýar. Ýaşy ulurak oglanlar aşyklary ondan hem daşrakda goýup oýnaýarlar. Oýunçylaryň aşygy zyňýan ýeri çyzyk bilen bellenilýär. Oýnuň şertine görä, belligi bassaň ýa-da oýun wagty aýagyň bellikden geçse, ondan ol oýunçynyň utugy hasap edilmeýär.

Adatça aşyk zyňylanda “Altyn aşygym, alçy gop !” diýlip, arzuw edilýär. Urlup, setirden çykarylan aşyk bolsa, onuň utugy hasaplanylýar. Ýüňdür ýüpek boýan enelerimiz bolsa, käýarym aşyklary goşawuçlap, lasyrdap duran gazana atyp, agtyklarynyň şatlygyny goşalandyrypdyrlar. Türkmenistanyň gündogar etraplarynda ýaşlaryň durmuş toýy üçin taýýarlanylan ýorgan-düşekleriň burçlaryna, käbir obada gyzyň sep bukjasynyň agzyna süýji bilen birlikde aşyk berkidipdirler. Käbir obalarda täze gelniň seçekli gyňajynyň ujyna aşyk düwüpdirler. Munuň özi täze durmuşa gadam urýan ýaşlaryň dowamatynyň dowam bolmagy arzuwlanyp berjaý edilýän gadymy ynançlardyr.

Bäşdaş: Türkmen milli oýunlarynyň biri bäşdaş oýnudyr. Bu oýny gyzjagazlar bäş sany bir meňzeş togalajyk daş bilen oýnaýarlar. Bijesi çykan oýunçy daşlary ýere seçeläp, olaryň birini guş saýlaýar. “Guşuňy” çala ýokary oklap, ýerde seçelenip ýatan daşjagazlary bir-birden çöpläp almaly. Her daşy alaňda hem, “guşuňy” gapyp ýetişmeli. Eger-de oýunçy “guşuny” gapyp bilmese, oýun indiki oýunça geçýär, eger-de gaçyrmasa, oýun dowam edýär. Soňra daşlary iki-ikiden, bir daşy aýry, üçüsini birden, dördüsini birden almaly.

Oýnuň indiki tapgyry “Topby” diýlip atlandyrylýar. Daşlary gysymyňda saklap, “guşuňy” ýokary oklanyňda, aýaňdaky daşlary ýere goýmaly we “guşuňy” gapyp ýetişmeli. Soň ýene-de daşlary ýerden almaly. Oýun gitdigiçe çylşyrymlaşyp, etmeli hereketler kynlaşýar we oýunçylar çalt-çaltdan özleriniň nobatlaryny çalşyp ugraýarlar. Oýnuň “Gowak”, “Haýat”, “Dag”, “Seçdi” tapgyrlarynyň hereketlerini doly ýerine ýetiren oýunçy ýeňiji hasaplanylýar. Milli oýunlarymyzyň biri bolan bäşdaş oýny çagalaryň agzybir, çeýe, ugurtapyjy bolmagyna we dürli kynçylyklary ýeňip geçmegine ýardam edýär.

Ogar-ogar: Oýna 7-8 oýunçy gatnaşýar. Oýun halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan, sanawaç sanamak bilen başlanýar. Sanawaç sanalandan soň, bijesi galan oýunçy “möjek” bolup, ortada ýatýar. Beýleki oýunçylar gol tutuşyp, onuň daşyndan aýlanýarlar. Ýuwaş-ýuwaşdan möjege ýakynlap, ahyry biri oňa elini degirýär. Şol wagt “oýanan möjek” daşynda aýlanyşyp ýören, onuň oýananyny görüp gaçýan guzulary kowalamaga başlaýar.  Bellenilen pellehana – “çopan ýatagyna” çenli möjege guzulardan tutmak başartmasa, ol ýene orta geçip ýatýar. Eger birini tutaýsa, tutulan oýunçy möjek bolmaly bolýar.

Gözdaňdy: Çagalaryň arasynda meşhur bolan oýunlaryň biri-de “Gözdaňdy” oýnudyr. Munda oýny alyp barýan “han” oýunçylarynyň içinden öz islegi boýunça eşekçini tapýar. Oýun 5-10 ýa-da ondan hem köpräk adam bolup oýnalýar. Oýunçy näçe köp bolsa, oýun şonça-da gyzykly bolýar.

Oýnuň oýnalşy. Eşekçiniň gözüni arassa ýaglyk ýa-da uzynrak gara mata bilen daňmaly. Onsoň eşekçini tegelek çyzygyň ortasynda duruzup, döwçüler hem çyzygyň daş-töwereginde islän ýerinde durýarlar. Döwçülerden biri “Başlaýarys” diýip buýruk berenden soň, eşekçini duran ýerinde aýlap duruzýarlar. Döwçüler ikiden-üçden çyzygyň içine girip, eşekçä el degirýärler. Eşekçi hem olary tutjak bolýar.

Döwçüler eşekçiniň ýanyna duýdansyz barmaga çalyşmalydyrlar. Eger-de eşekçi özüne tarap gelýän döwçiniň aýak sesini eşidäýse, derrew oňa tarap elini uzadyp okdurylýar-da, ony tutjak bolýar. Döwçüleriň oturyp, göwresini gapdala tutup, eşekçä el degirmäge haky bardyr. Gözi daňylgy oýunçy hereket edende çaknyşmaz ýaly, örän seresap bolmaly. Ol ellerini öňe uzadyp, hereket etmelidir. Eşekçi çyzygyň içinde haýsy döwçini tutsa, şol eşekçi bolýar.

“Gözdaňdy” oýny diňe gözi daňlan iki sany oýunçynyň arasynda hem alnyp barylýar. Biri eşekçi, beýlekisi döwçi. Olar bir-birine sowal-jogap berýärler.   Meselem: “Durdy sen nirede ?”, “Men bärde” diýip, çyzygyň içinde biri-birini gözleýärler. Beýlekiler bolsa olaryň biri çyzykdan çyksa aýtmaly, ýogsa seslerini çykarman oturmaly. Eger eşekçi döwçini çyzygyň içinde tutsa, onda ikisi hem çykyp, çyzyga başga topar girýär.

Ýüpde bökmek: Esasan, gyzjagazlaryň arasynda oýnalýan ýüpde bökmek iň gyzykly oýunlaryň biri hasaplanylýar. Bu gyzykly oýny oýnamak üçin gymmat sport esbaplaryny almak hökman hem däl. Şeýle hem, bu oýun oglanlar üçin hem, uly ýaşly adamlar üçin hem peýdaly güýmenjeleriň biri hasaplanylýar. Ýüpde bökmek diňe oýun däl-de, eýsem ol beden üçin iň peýdaly maşklaryň biri hasaplanylýar. Hünärmenler her günde bary-ýogy 5 minut ýüpde bökmegiň uly peýdasynyň bardygyny aýdýarlar. Bu oýun: üstünligi artdyrýar, muskullary berkidýär, ruhy saglygy gowulandyrýar, bedeni taplaýar, hereketsizlik zerarly ýüze çykýan keselleriň öňüni alýar.

 

Altyn ATAKOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar