ÝAŞLAR – NURANA GELJEGIMIZ

Häzirki wagtda döwrebap bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişelik hemra edinen ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýlelik-de, döwlet Baştutanymyzyň anyk mümkinçiliklere we ylmy esaslandyrmalara daýanýan giň gerimli durmuş özgertmeleriniň çäginde bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Çünki, tutuş dünýä  jemgyýetinde uly gyzyklanma döredýän iri möçberli, uzakmöhletleýin taslamalardyr sanly bilim ulgamyna hem-de sanly ykdysadyýete geçmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli çäreler ýaşlaryň nurana geljegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

“Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ýurdumyzyň ýaşlarynyň nurana geljegine gönükdirilen köptaraply tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginiň binýadyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hem, onuň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň  ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmekde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna itergi berer. Ýaşlar syýasaty boýunça maksatnamanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak we baýlaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny yzygiderli artdyryp, syýasy durnuklylygyny berkitmek hem-de zähmetsöýer halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işlere mynasyp  goşant  goşmakda  ýaşlar  üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny ynamly aýdyp bileris. Biz – ýaşlaryň nurana geljegimiz hakynda irginsiz alada edýän döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt  bähbitli beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç alsyn.

 

Sülgün PIRIÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar