KÖRPEJELER BÄSLEŞDILER

      Dänew etrap medeniýet öýünde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» bäsleşiginiň etrap tapgyryny geçirdik. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda zehinli, başarjaň gyzjagazlar üç şert boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar öz çykyşlarynda Watanymyzyň ösüşini, dost-doganlygy, türkmen sportunyň ösüşini wasp etdiler. Milli egin-eşikleri dakynan gyzjagazlar şahyrana döredijiligiň üsti bilen hem öz başarnyklaryny görkezdiler. Haly çitimlerini ýerine ýetirmek, jorap örmek, alaja örmek boýunça gyzjagazlaryň görkezen el işleri türkmen milliliginiň dowamat-dowam bolýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.

      Eminler topary tarapyndan gyzjagazlaryň her bir işine mynasyp baha berildi. Netijede, Dänew etrabyndaky 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýgül Ýoldaşowa birinji orna mynasyp boldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle hem etrapdaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýna Döwletýarowa ikinji we 10-njy orta mekdepden Dilnaza Hojakulyýewa üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere we bäsleşige işjeň gatnaşan gyzlara degişli baýraklar gowşuryldy.

 

Rahmet BEŞIMOW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Dänew etrap

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR