BAÝRAMÇYLYK BUÝSANJY

     Berkarar Watanymyzda mähribanlygy, wepalylygy, we gözelligi özünde jemleýän türkmen zenanlaryna belent sarpa goýulýar. Bu hakykata her ýyl ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň bellenilmegi, zenanlarymyza hormatly atlaryň dakylmagy, olara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy, durmuş ýeňillikleriniň döredilmegi bilen hem göz ýetirýäris.

     Şanly sene mynasybetli Saýat etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda «Dünýä ýüzi meňzär duzsuz tagama, söz içinde gelin-gyz hem bolmasa» diýen at bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirdi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işjeň zenanlar we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda etrabymyzyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlara, zenanlarymyzy wasp edýän çeper okaýyşlara giň orun berildi. Bereketli toý saçagynyň başyna jem bolan bagtdan paýly zenanlarymyz berkarar Watanymyzyň gadyr-gymmaty, jemgyýetimizde zenanlaryň orny, olar hakda döwlet derejesinde edilýän tagallalar dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Mähriban zenanlarymyzyň adyna aýdylan ýagşydan-ýagşy arzuwlar dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýokary derejede geçirilen baýramçylyk çäresi etrabymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralaryň üstüni ýetirdi.

 

Maral HUDAÝKULYÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşiniň

Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR