SURAT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

     Şu gün galkynan ykbally bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň ösüşlerini, özgertmelerini özleriniň çeper döredijiliginde hem ussatlyk bilen beýan edýärler. Biz hem döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak, olary höweslendirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda dürli bäsleşikleri yzygiderli geçirýäris. Şeýle bäsleşikleriň birini golaýda etrap bilim bölümi bilen bilelikde hem yglan etdik. Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Ýaşlarda Watan waspy suratda beýan» at bilen surat bäsleşiginiň etrap tapgyryna ýaş suratkeşler özleriniň döredijilik eserleri bilen gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny, çeper döredijilige we Watana bolan söýgüsini öz eserleriniň üsti bilen ýene-de bir gezek görkezdiler.

     Surat bäsleşigi Hojambaz etrap sungat mekdebiň binasynda geçirilip, oňa bagtyýar döwrümizi, döwlet nyşanlarymyzy, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän surat eserleriniň köpsanlysy gatnaşdyryldy. Eminler toparynyň gelen netijeleri boýunça Hojambaz etrabynyň 1-nji orta mekdebiň okuwçysy Şeker Serdarowa, 1-nji orta mekdepden Berdimyrat Pirimkulow we 8-nji orta mekdebiň okuwçysy Bagtyýar Rahmankulyýew bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildiler we bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we hormat hatlary bilen sylaglandylar. Bagtyýar ýaşlara mundan beýläk-de döredijilik üstünlikleri arzuw edildi.

 

Şöhrat KADYROW,

TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Oktýabr 2024 | 56 okalan

ÝAŞULULYK GÖRELDESI

02 Oktýabr 2024 | 47 okalan

AK GELJEGE ROWAN ÝOLLAR

26 Sentýabr 2024 | 64 okalan

GARAŞSYZLYK TOÝUN TOÝLAÝAR DIÝAR